1515

وَعَنْهُ عن النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قال: « إنَّ الْعَبْدَ لَيَتَكَلَّمُ بِالكَلِمةِ مِنْ رِضْوَانِ اللَّهِ تَعَالى مَا يُلقِي لهَا بَالاً يَرْفَعُهُ اللَّه بهَا دَرَجاتٍ، وَإنَّ الْعبْدَ لَيَتَكلَّمُ بالْكَلِمَةِ مِنْ سَخَطِ اللَّهِ تَعالى لا يُلْقي لهَا بالاً يهِوي بهَا في جَهَنَّم ». رواه البخاري.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Bir gul, Allah Tagalanyň hoşal bolan bir sözüni kän bir ähmiýet bermän aýdyp goýberse-de, Allah onuň derejelerini beýgelder. Eger bir gul Allah Tagalanyň gazabyna düşürjek bir sözi hiç ähmiýet bermän aýdyp goýberse, Allah ony şol söz sebäpli jähennemiň düýbüne oklar”.

Salgylanma:

(Buhary)