1575

وعَن ابْنِ مسعُودٍ رضي اللَّه عنهُ عن النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قالَ: « لا يَدْخُلُ الجَنَّةَ منْ كَانَ في قَلْبِهِ مِثْقَالُ ذَرَّةٍ مِنْ كِبْرٍ» فَقَالَ رَجُلٌ: إنَّ الرَّجُلَ يُحِبُّ أنْ يَكُونَ ثَوْبُهُ حَسناً ونَعْلُهُ حَسَنَةً فقال: « إنَّ اللَّه جَمِيلٌ يُحِبُّ الجَمَال، الكِبْرُ بَطَرُ الحَقِّ وغَمْطُ النَّاسِ » رواه مسلم . وَمَعْنَى « بطر الحَقِّ » : دَفْعه « وغَمْطُهُم » : احْتِقَارهُمْ وقَدْ سَبَقَ بيانُهُ أوْضَح مِنْ هَذا في باب الكِبرِ.

Ibn Mes’uddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Kalbynda zerre ýaly kibr[1], tekepbirlik bar bolan adam, Jennete girmez”.
Muny eşiden bir adam: “Ynsanlar egin-eşiginiň we aýakgabynyň owadan bolmagyny islär, gowy görer!” diýende, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Elbetde, Allah gözeldir, gözelligi hem söýýändir. Tekepbirlik (ulumsylyk) bolsa, hakykaty kabul etmezlik we adamlary äsgermezlik (kemsitmekdir)” diýdi.
"

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

[1]Kibr – özüni beýlekilerden beýik görmek, gopbamlyk, ulumsylyk.