1579

وَعَنْ أبي هُرَيرةَ رضي اللَّه عَنه أنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: « منْ حمَلَ عَلَيْنَا السِّلاحَ فَلَيْسَ مِنَّا ومَنْ غَشَّنَا فَلَيْسَ مِنَّا» .رواه مسلم .

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Bize garşy ýarag göteren[1] adam bizden däldir. Bize hile gurap, bizi aldan adam hem bizden däldir”.

وفي روايةٍ لَه أنَّ رَسُول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مرَّ عَلى صُبْرَةِ طَعامٍ فَأدْخَلَ يدهُ فيها فَنالَتْ أصَابِعُهُ بَلَلاً فَقَالَ: مَا هَذَا يا صَاحِبَ الطَّعَامِ؟ قَالَ أصَابتْهُ السَّمَاءُ يَا رَسُولَ اللَّه قَالَ: أفَلا جَعلْتَه فَوْقَ الطَّعَامِ حَتّى يَراهُ النَّاس؟! مَنْ غَشَّنَا فَلَيْسَ مِنَّا !

Başga bir rowaýatda şeýle gelýär:

“Bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bazarda bugdaý üýşmeginiň ýanyndan geçip barýarka, elini onuň içine sokup gördi, onuň barmaklary çyglandy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Hojaýyn! Bu näme?” diýdi. Ol: “Ýa Resulallah! Ýagyş ýagdy” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Adamlar görer ýaly çygly ýerini üstine çykaryp goýsaň bolmaýadymy?! Bize hile gurap, bizi aldan adam bizden däldir!” diýdi”.

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

[1]Ýarag çenäp, musulmanlary gorkuzan