1666

وعَنْ أبي مُوسَى رضي اللَّه عنْهُ أن رَسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: « ما مِنْ ميِّتٍ يَمُوتُ، فَيَقُومُ باكيهمْ فَيَقُولُ: وَاجبلاهُ، واسَيِّداهُ أوَ نَحْو ذَلِك إلاَّ وُكِّل بِهِ مَلَكَانِ يلْهَزَانِهِ: أهَكَذَا كُنتَ؟ ». رَوَاهُ التِّرْمِذي وقال: حديثٌ حَسَنٌ. « اللَّهْزُ »: الدَّفْعُ بجُمْعِ الْيَدِ في الصَّدرِ.

Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Haýsy bir adam ölenden soň onuň başujynda duryp, yzyndan aglaýanlar: “Waý, dag ýaly daýanjymyz! Waý, hojaýnymyz!” we ş.m. sözler bilen aglasalar, ol adamyň başynda iki sany perişde goýlup: “Sen (hakykatdanam) şeýle (adam) bolupdyňmy?” diýip, döşüne ýumruk bilen urarlar”.

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol:Hadys hasan diýipdir)