1683

وَعَنْ أبي هُرَيْرَة رضي اللَّه عَنْهُ قَالَ: سَمِعْتُ رَسُولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يَقُولُ: « قَالَ اللَّه تَعَالى: ومَنْ أظْلَمُ مِمَّنْ ذهَب يَخْلُقُ كَخَلْقِى فَلْيَخْلُقُوا ذَرَّةً أوْ لِيَخْلُقُوا حَبَّةً أوْ لِيَخْلُقُوا شَعِيرَةً » .متفقٌ عليه.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Allah Tagala şeýle diýdi: “Meniň ýaradyşym ýaly döretmäge synanyşanlardan has zalym kim bar?! (Hany olar eger başarýan bolsalar) birje garynjany ýa-da birje bugdaý ýa arpa dänejigini ýaratsynlar-da!”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)