1700

وَعَنِ السَّائِبِ بْنِ يزيدَ الصَّحَابي رَضِيَ اللَّه عنْهُ قالَ: كُنْتُ في المَسْجِدِ فَحَصَبني رَجُلٌ ، فَنَظَرْتُ فَإِذَا عُمَرُ بنُ الخَطَّابِ رَضِيَ اللَّه عَنْهُ فَقَالَ: اذهَبْ فأْتِني بِهَذيْنِ فَجِئْتُهُ بِهمَا فَقَالَ: مِنْ أَيْنَ أَنْتُمَا؟ فَقَالا: مِنْ أَهْلِ الطَّائِفِ فَقَالَ: لَوْ كُنْتُمَا مِنْ أَهْلِ الْبَلَدِ لأَوْجَعْتُكُمَا تَرْفَعَانِ أَصْوَاتَكُمَا فِي مسْجِدِ رَسُولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم؟ رَوَاهُ البُخَارِي.

Sahabalardan Saib ibn Ýezidden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“(Bir gezek) men mesjitde durkam, kimdir biri maňa daş atdy. (Yzyma seretsem) onuň Omar ibn Hattabdygyny gördüm. Ol maňa: “Bar, şol iki adamy meniň ýanyma getir!” diýdi. Men gidip ol ikisini alyp geldim. Omar olara: “Siz nireden?” diýip sorady. Olar: “Biz Taýifdan” diýdiler. Ol: “Şu şäherden bolan bolsadyňyz, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň mesjidinde gaty ses bilen gürleşýäniňiz üçin ikiňizem jezalandyrardym” diýdi”.

Salgylanma:

(Buhary)