1732

عَنِ ابنِ عُمَرَ رَضِيَ اللَّه عَنْهُمَا قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « إِذا قَالَ الرَّجُـلُ لأَخِيهِ: يَا كَافِر فَقَدْ بَاءَ بِهَا أَحَدُهُما فَإِنْ كَان كَمَا قَالَ وَإِلاَّ رَجَعَتْ عَلَيْهِ« متفقٌ عليه.

1732. Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Bir adam (musulman) doganyna “Eý, kapyr!” diýse, bu söz olaryň ikisinden birine gaýdyp geler. Eger-de kapyr diýilen adam aýdyşy ýaly bolsa, (onda şol aýdylan söz öz ýerini tapar). (Eger-de aýdyşy ýaly bolmasa onda bu söz), aýdanyň özüne gaýdyp geler”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)