1760

عَنْ أَبي هُرَيْرة رضَيَ اللَّه عَنْهُ عَنِ النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: « لا تَخُصُّوا لَيْلَةَ الجُمُعَةِ بِقِيَامٍ مِنْ بَيْن اللَّيَالي وَلا تَخُصُّوا يَوْمَ الجُمُعَة بِصيَامٍ مِنْ بيْنِ الأَيَّامِ إِلاَّ أَنْ يَكُونَ في صَوْمٍ يَصُومُهُ أَحَدُكُمْ « رواه مسلم .

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Gijeleriň arasyndan diňe juma gijesini aýratyn niýet edip namaz okamak üçin aýyrmaň. Günleriň arasynda-da diňe juma gününi aýratyn niýet edip oraza tutmak üçin aýyrmaň. Ýöne egerde siziň biriňiziň (adaty) tutup ýören orazasy juma gününe gabat gelse, onda munuň zyýany ýokdur”[1] .

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

[1] Mysal üçin gün aşa agyz bekleýän bolsa, ol hem juma gününe gabat gelse, şol gün agyz beklemeginiň zyýany ýokdur.