1770

وَعَنْ عَائِشَةَ رضِيَ اللَّهُ عَنْهَا أَنَّ قُرَيْشاً أَهَمَّهُمْ شَأْنُ المرْأَةِ المخْزُومِيَّةِ الَّتي سَرَقَتْ فَقَالُوا: منْ يُكَلِّمُ فيها رَسُولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَقَالُوا : وَمَنْ يَجْتَريءُ عَلَيْهِ إِلاَّ أُسَامَةُ بْنُ زَيدٍ حِبُّ رسولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَكَلَّمَهُ أُسَامَةُ فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: «أَتَشْفَعُ في حَدٍّ مِنْ حُدُودِ اللَّهِ تَعَالى؟» ثم قام فاحتطب ثُمَّ قَالَ : « إِنَّمَا أَهلَكَ الَّذينَ قَبْلَكُمْ أَنَّهمْ كَانُوا إِذا سَرَقَ فِيهم الشَّرِيفُ تَرَكُوهُ وَإِذا سَرَقَ فِيهِمُ الضَّعِيفُ أَقامُوا عَلَيْهِ الحَدَّ وَايْمُ اللَّهِ لَوْ أَنَّ فاطِمَةَ بِنْبتَ مُحَمَّدٍ سَرَقَتَ لَقَطَعْتُ يَدَهَا » . متفقٌ عليه.

Aişadan (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Benu Mahzum taýpasyndan ogurlyk eden bir aýalyň halyna Kureýşliler gaty gynandy. Olar bu ýagdaýdan biynjalyk bolup, öz aralarynda: “Kim bu hakda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen gürleşip biler?” diýdiler. Soňra olar: “Muny diňe Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň iň eziz görýäni, Usameta ibn Zeýtden başga hiç kim het edip bilmez” diýdiler.
Usame bu hakda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen gürleşdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa şeýle diýdi: “Nädip sen, Allah Tagalanyň goýan jezalaryndan biriniň ýerine ýetirilmezligi üçin arada durup (aralykçy bolup) bilýärsiň?!” diýdi. Soňra ýerinden turup, adamlara şeýle wagyz etdi:
“Sizden öňki kowumlaryň heläk bolmagynyň asyl sebäbi, haçan-da içlerinden hormatlanýan, abraýly bir adam ogurlyk etse, oňa degmediler, hossarsyz ejiz bir adam ogurlyk etse welin, oňa jeza berdiler. Allaha kasam bolsun, eger-de, Muhammediň gyzy Fatyma ogurlyk edenem bolsa, Men hökman onuň elini keserdim” diýdi.
"

وفي رِوَاية: فَتَلَوَّنَ وَجْهُ رسولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَقَالَ : « أَتَشْفَعُ في حَدٍّ مِنْ حُدودِ اللَّهِ؟» قَالَ أُسَامَةُ : اسْتَغْفِرْ لي يا رسُولَ اللَّهِ . قَالَ : ثُمَّ أمرَ بِتِلْكَ المرْأَةِ فقُطِعَتْ يَدُهَا.

Başga bir rowaýatda:

“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýüzüniň reňki üýtgäp gitdi we: “Nädip sen, Allah Tagalanyň goýan jezalaryndan biriniň ýerine ýetirilmezligi üçin aralykçy bolup bilýärsiň?!” diýdi. Usame: “Ýa Resulallah! Meniň üçin (Allahdan) bagyşlanmagymy diläp ber!” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň emri bilen ol aýalyň eli kesildi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)