1777

وَعَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي اللَّه عَنْهُما قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: لا تَتَلَقَّوُا الرُّكْبَانَ وَلا يبِعْ حَاضِر لِبَادٍ. فَقَالَ لَهُ طَاووسُ: ما :لا يَبِعْ حَاضِرٌ لِبادٍ؟ قال: لا يكُونُ لَهُ سَمْسَاراً . متفقٌ عليه.

Ibnu Abbasdan (Allah olardan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Bazara haryt satmak üçin gelenleriň (öňünden çykyp) ýolda garşylamaň. Şäherli adam obaly adamyň ýerine (söwdasyny edip) bermesin”.
Tawus Ibn Abbasdan: “Şäherli adam obaly adamyň söwdasyny edip bermesin” diýdigi näme?” diýip soranda: “Onuň üçin dellal (araçy) bolmasyn!” diýdi”.
"

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)