1816

وعَنِ المُغِيرَةِ بنِ شُعْبةَ رضي اللَّه عَنْهُ قَالَ: ما سَألَ أحَدٌ رَسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم عَنِ الدَّجَّالِ أكْثَرَ ممَّا سألْتُهُ وإنَّهُ قالَ لي: « ما يَضُرُّكَ؟ « قلتُ : إنَّهُمْ يقُولُونَ : إنَّ معَهُ جَبَلَ خُبْزٍ وَنَهْرَ مَاءٍ ، قالَ : « هُوَ أهْوَنُ عَلى اللَّهِ مِنْ ذلِكَ « متفقٌ عليه .

Mugyra ibn Şu’badan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Hiç kim dejjal hakynda Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme menden has köp sorag bermedi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “Seni näme biynjalyk edýär?” diýdi. Men: “Dejjalyň ýanynda dag ýaly çörek, derýa ýaly suw bolar” diýýärler diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allahyň ýanynda ol mundanam degersiz we ähmiýetsiz (ejiz bir zatdyr)”[1] diýdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1]Ýagny, Allahyň ýanynda möhüm zat dejjalyň görkezjek güýji däl-de, eýsem köp sanly adamlaryň onuň sözüne ynanyp tassyk etmekleridir.