1848

وَعَنْهَا قَالَتْ: قَالَ رَسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: « مَنْ أحَبَّ لِقاءَ اللَّهِ أحبَّ اللَّه لِقَاءَهُ وَمنْ كَرِهَ لِقاءَ اللَّه كَرِهَ اللَّه لِقَاءَهُ » فَقُلْتُ: يَا رسُولَ اللَّه، أكَرَاهِيَةُ الموْتِ؟ فَكُلُّنَا نَكْرَهُ الموْتَ قَالَ: « لَيْس كَذَلِكَ، وَلَكِنَّ المُؤمِنَ إذَا بُشِّر بِرَحْمَةِ اللَّه وَرِضْوانِهِ وَجنَّتِهِ أحَبَّ لِقَاءَ اللَّه، فَأَحَبَّ اللَّه لِقَاءَهُ وإنَّ الْكَافِرَ إذَا بُشِّرَ بعَذابِ اللَّه وَسَخَطِهِ، كَرِهَ لِقَاءَ اللَّه ، وَكَرِهَ اللَّه لِقَاءَهُ». رواه مسلم .

Ýene-de Aişadan (Allah ondan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Kim Allaha bilen duşuşmagy islese, Allah hem onuň bilen duşmak islär. Kim Allah bilen duşuşmagy islemese, Allah hem onuň bilen duşmak islemez”.
Men: “Ýa Resulallah! Ölümi halamaýandyklary üçinmi (duşuşmak islemezler)? Olar ýaly bolsa, biziň hiç birimiz ölümi islemeýäris” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ýok beýle däl. Mu’min adam Allahyň rahim-şepagaty, razylygy we Jenneti baradaki hoş habary alanda, Onuň bilen duşuşmak islär. Allah hem onuň bilen duşuşmak islär. Emma kapyr adam Allahyň azaby we gazaby baradaky habary alanda, Allah bilen duşuşmagy islemez. Allahyň hem onuň bilen duşuşasy gelip durmaz”. "

Salgylanma:

(Muslim)