[1]Adatça Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem hemişe Allahy ýatlap, doga-dileg, ybadat edip, başga-da salyh amallar bilen meşgul bolardy. Egerde haýsydyr bir zat bulary etmekden ünsüni sowup meşgul eden bolsa, onda Ol bir günä iş eden ýaly bolup derrew Astagfirulla diýip gaýtalap başlardy. Bu hadysdaky ünsüni sowmak, meşgul bolmak, az wagtlyk bir wagty aňladyp gelýär.