1879

وَعنِ ابنِ عُمَرَ رضِي اللَّه عنْهُما أَنَّ النَّبيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَال: « يا معْشَرَ النِّساءِ تَصَدَّقْنَ، وأَكْثِرْنَ مِنَ الاسْتِغْفَارِ، فَإِنِّي رَأَيْتُكُنَّ أَكْثَرَ أَهْلِ النَّارِ « قالَتِ امْرَأَةٌ مِنْهُنَّ: مالَنَا أَكْثَرَ أَهْلِ النَّارِ؟ قَالَ: « تُكْثِرْنَ اللَّعْنَ، وتَكْفُرْنَ العشِيرَ مَا رأَيْتُ مِنْ نَاقِصَاتِ عقْلٍ ودِينٍ أَغْلبَ لِذِي لُبٍّ مِنْكُنَّ « قَالَتْ: ما نُقْصانُ الْعقْل والدِّينِ ؟ قال: «شَهَادَةُ امرأَتَيْنِ بِشهَادةِ رجُلٍ ، وتَمْكُثُ الأَيَّامَ لا تُصَلِّي « رواه مسلم .

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun), rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Eý, aýallar! Sadaka beriň we istigfary köp ediň! Çünki men dowzahdakylaryň aglaba böleginiň sizdendigini gördüm”.
Ol ýerdäki aýallaryň biri: “Näme üçin dowzahdakylaryň köpüsi bizden bolar?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Çünki siz köp nälet (gargyş) edýärsiňiz, ärleriňiziň (eden ýagşylyklaryny unudyp) olara näşükür bolýarsyňyz. Men siziň ýaly akyl we din tarapdan kemli bolup, akylly adamlary azdyryp, aklyny gidirip bilýän başga birlerini görmedim” diýdi. Ol aýal: “Akyl we diniň kemligi nämede?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Iki aýalyň şaýatlygy bir erkegiň şaýatlygyna (görkezmesine) deňdir we aýal maşgalaň birnäçe günläp namaz okamaýan günleri bardyr” diýdi”. "

Salgylanma:

(Muslim)