وعنه رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال: قال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم: (والذي نفسي بيده لا تدخلوا الجنة حتى تؤمنوا ولا تؤمنوا حتى تحابوا، أولا أدلكم على شيء إذا فعلتموه تحاببتم أفشوا السلام بينكم) رَوَاهُ مُسْلِمٌ.
Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Janym elinde bolan Allaha kasam bolsun, siz tä iman edýänçäňiz, Jennete girip bilmersiňiz. Biri-birleriňizi gowy görýänçäňiz hem iman edip bilmersiňiz. Men size eger siz şony etseňiz, biri-biriňizi gowy görüp biljek zady öwredeýinmi?! Araňyzda salamy ýaýradyň”.