388

وعن عائشة رَضِيَ اللَّهُ عَنْها أن رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم بعث رجلاً على سرية فكان يقرأ لأصحابه في صلاتهم فيختم بـ {قل هو اللَّه أحد}فلما رجعوا ذكروا ذلك لرَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم فقال: (سلوه لأي شيء يصنع ذلك) فسألوه فقال: لأنها صفة الرحمن فأنا أحب أن أقرأ بها. فقال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم:(أخبروه أن اللَّه تعالى يحبه) مُتَّفَقٌ عَلَيْهِ.

Aişadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bir adamy goşun baştutany edip, bir söweşe ugratdy. Ol adam goşuna ymam bolan wagty, namazyny mydama “Kul huwallah” süresi bilen tamamlardy. Gaýdyp gelenlerinde, muny Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme habar berdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ondan näme üçin beýle edýändigini soraň!” diýdi. Ol adam: “Sebäbi ol sürede Rahmanyň (Allahyň) sypatlary bar, şonuň üçin hem men ony okamagy gowy görýärin” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Allah Tagalanyň hem ony söýýändigini oňa habar beriň!’ diýdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)