390

وعن ابن عمر رَضِيَ اللَّهُ عَنْهما أن رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم قال: (أمرت أن أقاتل الناس حتى يشهدوا أن لا إله إلا اللَّه وأن محمداً رَسُول اللَّهِ، ويقيموا الصلاة، ويؤتوا الزكاة. فإذا فعلوا ذلك عصموا مني دماءهم وأموالهم إلا بحق الإسلام، وحسابهم على اللَّه تعالى) مُتَّفَقٌ عَلَيْهِ.

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Men Allahdan başga hiç hili hudaýyň ýokdugyna, Muhammediň Allahyň ilçisidigine şaýat bolup, namazlaryny doly berjaý edip, zekatlaryny berýänçäler, adamlar[1] bilen söweş etmeklige emr edildim. Eger-de, olar bulary ýerine ýetirseler, Yslamyň hak-hukugyndan başga (şerigatyň kada-kanuny bozmadyk ýagdaýlarynda) janlaryny we mallaryny menden gorap, halas etdikleri bolar. Olaryň (ýüregindäki gizlin eden amallarynyň) hasabyny soramak bolsa, Allah Tagalanyň Özüne degişlidir”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1] Müşrikler