393

وعن أسامة بن زيد رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال: بعثنا رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم إلى الحرقة من جهينة فصبحنا القوم على مياههم ولحقت أنا ورجل من الأنصار رجلاً منهم فلما غشيناه قال: لا إله إلا اللَّه. فكف عنه الأنصاري وطعنته برمحي حتى قتلته. فلما قدمنا بلغ ذلك النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم فقال لي: (يا أسامة أقتلته بعد ما قال لا إله إلا اللَّه) قلت: يا رَسُول اللَّهِ إنما كان متعوذاً. فقال: (أقتلته بعد ما قال لا إله إلا اللَّه) فما زال يكررها علي حتى تمنيت أني لم أكن أسلمت قبل ذلك اليوم. مُتَّفَقٌ عَلَيْهِ. (الحرقة) بضم الحاء المهملة وفتح الراء: بطن من جهينة القبيلة المعروفة. وقوله (متعوذا) : أي معتصماً بها من القتل لا معتقداً لها.

Usame ibn Zeýtden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bizi “Juheýne” taýpasynyň “Huraka” tiresiniň üstüne iberdi. Biz olaryň üstüne daň bilen suwlarynyň başyndakalar hüjüm etdik. Ensarylardan bir adam bilen olardan biriniň yzyna düşdik. Haçanda biz onuň yzyndan ýetipberenimizde ol adam: “Lä ilähä illallah” diýdi. Ensary dostum oňa degmedi. Men bolsam naýzamy onuň içinden sokup, öldürdim. Medinä gelenimizde bu habar Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme baryp ýetdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem maňa: “Eý Usame! “Lä ilähä illallah” diýeninden soň hem ol adamy öldürdiňmi?!” diýdi. Men: “Ýa Resulallah! Ol bu sözi diňe janyny halas etmek üçin aýtdy” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ýene-de: “Nädip sen ony “Lä ilähä illallah” diýeninden soň hem öldürip bildiň!” diýdi we bu sözi ençeme gezek gaýtalap durşuna, men: “Käşgä, şol günden öň musulman bolmadyk bolsadym, diýip arzuw etdim” diýdi”. "

وفي رواية: فقال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّم: (أقال لا إله إلا اللَّه وقتلته) قلت: يا رَسُول اللَّهِ إنما قالها خوفاً من السلاح. قال: (أفلا شققت عن قلبه حتى تعلم أقالها أم لا!) فما زال يكررها حتى تمنيت أني أسلمت يومئذ.

Başga bir rowaýatda Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem:

“Ol adam “Lä ilähä illallah” diýse-de, sen ony öldürdiňmi?!” diýdi. Men: “Ýa Resulallah! Ol bu sözi ýaragdan gorkusyna aýtdy” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Onuň näme üçin aýdyp, aýtmadygyny biler ýaly sen näme onuň ýüregini dilip gördüňmi?!” diýdi. Ol bu sözüni şeýle bir köp gaýtalap durşuna, men şol gün musulman bolmaly ekenim, diýip arzuw etdim”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)