414

وعن جابر رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال: جاء أعرابي إلى النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم فقال: يا رَسُول اللَّهِ ما الموجبتان قال: (من مات لا يشرك بالله شيئاً دخل الجنة، ومن مات يشرك به شيئاً دخل النار) رَوَاهُ مُسلِمٌ.

Jabirden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir çarwadar Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip:

"“Ýa Resulallah! Jennete ýa dowzaha girmäge sebäp boljak iki sany wajyp zat näme?” diýip sorady.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Allaha hiç zady şirk getirmän ölen adam, Jennete girer. Oňa islendik bir zady şirk getirip ölen adam bolsa, jähenneme girer”. "

Salgylanma:

(Muslim)