415

وعن أنس رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ أن النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم ومعاذ رديفه على الرحل قال: (يا معاذ) قال: لبيك رَسُول اللَّهِ وسعديك. قال: (يا معاذ) قال: لبيك رَسُول اللَّهِ وسعديك. قال: (يا معاذ) قال: لبيك رَسُول اللَّهِ وسعديك، ثلاثاً. قال: (ما من عبد يشهد أن لا إله إلا اللَّه وأن محمداً عبده ورسوله صدقاً من قلبه إلا حرمه اللَّه على النار) قال: يا رَسُول اللَّهِ أفلا أخبر بها الناس فيستبشروا قال: (إذاً يتكلوا) فأخبر بها معاذ عند موته تأثماً. مُتَّفَقٌ عَلَيهِ. قوله (تأثما) : أي خوفاً من الإثم في كتم هذا العلم.

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"bir gün Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Mu’az bilen iki bolup bir düýäniň üstünde gidip barýarkalar, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üç gezek: “Eý Mu’az!” diýdi. Ol hem her gezeginde: “Lepbeý, ýa Resulallah! Men siziň hyzmatyňyzda!” diýip jogap berdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Haýsy bir bende, Allahdan başga (hak ybadat edere) hiç bir hudaý ýok, Muhammed hem Onuň guly we Pygamberi diýip, çyn ýürekden şaýatlyk getirse, Allah Tagala hökman ony dowzah oduna haram eder” diýdi.
Mu’az: “Ýa Resulallah! Bu buşlugy adamlara-da habar bereýinmi, olar hem begensinler!?” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eger sen muny habar berseň, olar arkaýynlaşyp, amal etmän galarlar” diýdi.
Mu’az (ibn Jebel) öljek wagty, bu habary gizläni üçin günä bolmagyndan gorkup, aýdyp berdi”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)