420

وعنه رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: سمعت رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم يقول: (جعل اللَّه الرحمة مائة جزء فأمسك عنده تسعة وتسعين وأنزل في الأرض جزءاً واحداً، فمن ذلك الجزء يتراحم الخلائق حتى ترفع الدابة حافرها عن ولدها خشية أن تصيبه) .مُتَّفَقٌ عَلَيهِ.

Ýene-de Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

“Allah rahmetini, ýüz bölege aýyrdy. Togsan dokuz bölegini öz ýanynda saklap goýdy, bir bölegini bolsa ýeriň ýüzüne indirdi. Ana, ýaradylan zatlaryň hemmesi şol bir bölek merhemet bilen bir-birine rehim ederler. Hatda, haýwanlar öz çagalarynyň üstünden basmajak bolup aýagyny çekip galdyryp durmaklary hem (şol bir bölek merhemetdendir)”.

وفي رواية: (إن لله تعالى مائة رحمة أنزل منها رحمة واحدة بين الجن والإنس والبهائم والهوام، فبها يتعاطفون وبها يتراحمون وبها تعطف الوحش على ولدها، وأخر اللَّه تسعاً وتسعين رحمة يرحم بها عباده يوم القيامة)

Başga bir rowaýatda şeýle gelýär:

“Allah Tagalanyň ýüz merhemeti bardyr. Onuň diňe bir bölegini ýeriň ýüzüne indirip ynsanlaryň, jynlaryň, haýwanlaryň we mör-möjekleriň arasynda bölüp, paýlap berdi. Olar şol bir bölek sebäpli, öz aralarynda duýgudaşlyk, mähirlilik bildirerler. Şol bir bölek sebäpli, wagşy haýwanlar öz çagalaryna mähir görkezýändirler. Allah Tagala galan togsan dokuz rahmetini-de, Kyýamat gününde Öz bendelerine merhemet etmek üçin saklap goýandyr”.

ورواه مسلم أيضاً من رواية سلمان الفارسي رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: قال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم: (إن لله تعالى مائة رحمة، فمنها رحمة يتراحم بها الخلق بينهم، وتسع وتسعون ليوم القيامة) .

Ýene-de Muslimiň Selman Farisiden rowaýat etmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Allah Tagalanyň ýüz rahmeti bardyr. Onuň diňe bir bölek rahmeti sebäpli ähli ýaradylan zatlar öz aralarynda merhemet ederler. Galan togsan dokuz bölegini Kyýamat güni üçin saklap goýandyr”.

وفي رواية (إن اللَّه تعالى خلق يوم خلق السماوات والأرض مائة رحمة كل رحمة طباق ما بين السماء إلى الأرض فجعل منها في الأرض رحمة فبها تعطف الوالدة على ولدها، والوحش والطير بعضها على بعض، فإذا كان يوم القيامة أكملها بهذه الرحمة) .

Başga ýene bir rowaýatda şeýle gelýär:

“Allah Tagala asmanlary we ýeri ýaradan güni, ýüz rahmeti ýaratdy. Her bir rahmeti ýer bilen asmanyň arasyny dolduryp biljek (ululykdadyr). Onuň diňe bir bölegini ýeriň ýüzüne iberdi. Şol bir bölek sebäpli hem ene öz balasyna, wagşy haýwanlar, guşlar öz aralarynda biri-birlerine merhemet edýändirler. Kyýamat güni, Allah Tagala bu bir bölek rahmetini togsan dokuz bölek rahmetine goşup ýüze doldurjakdyr”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)