428

وعن أنس رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ عن رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم قال:أن الكافر اذا عمل حسنة، أطعم بها طعمة من الدنيا، وأما المؤمن فإن الله تعالي يدخر له حسناته في الاخرة، و يعقبه رزقا في الدنيا على طاعته. رَوَاهُ مُسلِمٌ

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Kapyr adamyň eden ýagşylygynyň garşylygyny oňa bu dünýädäki nygmatlardan beriler. Emma mu′min adamyň eden ýagşylyklarynyň garşylygyny, Allah Tagala ahyrete goýar. Şu dünýädäki ryskyny bolsa, onuň eden tagat-ybadatlaryna görä berer”.

وفي رواية: إن الله لا يظلم مؤمنا حسنة يعطي بها في الدنيا، و يجزي بها في الأخرة، وأما الكافر فيطعم بحسنات ما عمل لله تعالي في الدنيا حتي اذا أفضي الي الاخرة لم يكن له حسنة يجزي بها.

Başga bir rowaýatda şeýle gelýär:

“Allah hiç bir mu′miniň eden ýagşy amalyna haksyzlyk etmez. Onuň üçin şu dünýäde-de, ahyretde-de paýyny we sogabyny berer. Emma kapyryň şu dünýäde Allah Tagala üçin eden ýagşy işlerine derek onuň rysky beriler. Ahyrede baranda bolsa, sogap beriljek ýekeje haýyr işi hem galmaz”.

Salgylanma:

(Muslim)