432

وعن أبي موسى الأشعري رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: قال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم: (إذا كان يوم القيامة دفع اللَّه إلى كل مسلم يهودياً أو نصرانياً فيقول: هذا فكاكك من النار. رَوَاهُ مُسلِمٌ.

Ebu Musa El-Aşa’rydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:

“Kyýamat güni Allah Tagala her bir musulmana bir ýehudyny (ýewreýi) ýa-da hristiýany berip: “Bu seniň dowzahdan gutulmagyň üçin pidakäriňdir” diýer”.

"
وفي رواية عنه عن النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم قال: (يجيء يوم القيامة ناس من المسلمين بذنوب أمثال الجبال يغفرها اللَّه لهم) "

Ýene-de ondan rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Kyýamat güni käbir musulmanlar daglar ýaly günäler bilen gelerler, Allah olary bagyşlar”.

قوله (دفع اللَّه إلى كل مسلم يهودياً أو نصرانياً فيقول: هذا فكاكك من النار) معناه ما جاء في حديث أبي هريرة رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ: (لكل أحد منزل في الجنة ومنزل في النار. فالمؤمن إذا دخل الجنة خلفه الكافر في النار لأنه مستحق لذلك بكفره) ومعنى (فكاكك) : أنك كنت معرضاً لدخول النار هذا فكاكك؛ لأن اللَّه تعالى قدّر للنار عدداً يملؤها فإذا دخلها الكفار بذنوبهم وكفرهم صاروا في معنى الفكاك للمسلمين، والله أعلم.

Ýokardaky geçen

"“Allah her bir musulmana bir ýehudyny (ýewreýi) ýa-da hristiýany berip: “Bu seniň dowzahdan (gutulmak üçin) pidakäriňdir” diýer hadysy, Ebu Hureýräniň (Allah ondan razy bolsun) rowaýat eden şu hadysynyň manysydyr: “Her bir adamyň Jennetde bir orny, dowzahda-da bir orny bardyr. Mu’min adam Jennete girse, onuň dowzahdaky ornuna kapyr adam girer. Çünki, ol kapyr bolanlygy sebäpli ol ýere mynasyp boldy”.
“Seniň pidakäriňdir” diýen sözüniň manysy şudur: Sen dowzaha girmeli bolup durkaň kapyr seniň ýeriňe girip, sen dowzahdan halas bolarsyň. Çünki, Allah Tagala dowzahy doldurmak üçin bir topar adamlary taýýarlap goýupdy, haçan-da kapyrlar dowzaha kapyrdyklary we günäleri sebäpli girseler, göýä olar musulmanlaryň ýerine özlerini pida edip girdikleri ýaly bolar. Has dogrusyny Allah bilýändir."

Salgylanma:

(Muslim)