433

وعن ابن عمر رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: سمعت رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم يقول: (يدنى المؤمن يوم القيامة من ربه حتى يضع كنفه عليه فيقرره بذنوبه فيقول: أتعرف ذنب كذا، أتعرف ذنب كذا فيقول: رب أعرف. قال: فإني قد سترتها عليك في الدنيا وأنا أغفرها لك اليوم. فيعطى صحيفة حسناته) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ. (كنفه): ستره ورحمته.

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

"“Kyýamat güni mu’min adam Robbuna şeýle bir golaý getiriler, hat-da Allah ony rahmeti bilen örtüp, adamlardan gizlär we eden ähli günälerini boýnuna goýup: “Pylan günä iş etdiň ýadyňdamy? Pylan günäňi bilýärmiň? diýip sorar.
Mu’min adam: “Bilýän, eý Robbum!” diýer. Allah Tagala: “Men bu günäleriňi dünýäde wagtyň gizläpdim, bu gün bolsa Men olary bagyşlaýaryn” diýer.
Şondan soň ol adamyň sogaplary ýazylan depderi eline beriler”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)