434

وعن ابن مسعود رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ أن رجلاً أصاب من امرأة قبلة فأتى النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم فأخبره فأنزل اللَّه تعالى (هود 114): {وأقم الصلاة طرفي النهار وزلفاً من الليل إن الحسنات يذهبن السيئات}فقال الرجل: ألي هذا يا رَسُول اللَّهِ؟ قال: (لجميع أمتي كلهم) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ.

Ibn Mesu’ddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

"bir adam bir (ýat) aýaly ogşapdyr, soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip, muny habar berdi. Şol wagt hem Allah Tagala şu aýaty inderdi:
“Gündiziň iki tarapynda we gijäniň (gündize) ýakyn böleginde namaz oka! Elbetde, ýagşylyklar ýamanlyklary (günäleri) ýok eder.”{Hud:114}.
Ol adam: “Ýa Resulallah! Bu diňe maňa degişlimi?” diýip sorady. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Bu meniň ähli ymmatyma degişlidir” diýdi”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi