435

وعن أنس رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: جاء رجل إلى النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم فقال: يا رَسُول اللَّهِ أصبت حداً فأقمه علي. وحضرت الصلاة فصلى مع رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم، فلما قضى الصلاة قال: يا رَسُول اللَّهِ إني أصبت حداً فأقم في كتاب اللَّه. قال: (هل حضرت معنا الصلاة) قال: نعم. قال: (قد غفر لك) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ. وقوله (أصبت حدا) معناه: معصية توجب التعزير، وليس المراد الحد الشرعي الحقيقي كحد الزنا والخمر وغيرهما فإن هذه الحدود لا تسقط بالصلاة، ولا يجوز للإمام تركها.

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip:

"“Ýa Resulallah! Men bir jenaýat iş etdim, meniň jezamy ber” diýdi. Edil şol wagt hem namazyň wagty boldy. Ol adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen namaz okady. Namazdan soň ol ýene-de: “Ýa Resulallah! Men bir jenaýat iş etdim, Allahyň Kitabynda buýrulyşy ýaly meniň jezamy ber” diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ol adama: “Biziň bilen namaz okadyňmy?!” diýdi. Ol: “Hawa” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Seniň günäň eýýäm geçildi” diýdi”. "

Salgylanma:

“(Muttafakun aleýhi) “Bir jenaýat iş etdim” – diýmeginden maksat, zyna etmek, arak içmek ýa-da şuňa meňzeş başga uly günäler üçin berilýän hakyky Şerigatyň jezalaryny gerekdirýän jenaýat däldir. Çünki, bu günäler namaz bilen aýrylýan däldir. Ymamlaryň (ýolbaşçylaryň) bu hili jenaýatlara ähmiýet bermän taşlamaklary dürs däldir. “