وعن أبي موسى رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ عن النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم قال: (إن اللَّه تعالى يبسط يده بالليل ليتوب مسيء النهار، ويبسط يده بالنهار ليتوب مسيء الليل حتى تطلع الشمس من مغربها) رَوَاهُ مُسلِمٌ.
Ebu Musadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:
“Allah Tagala gündiz günä iş edeniň tobasyny kabul etmek üçin gije elini açar, gije günä iş edeniň tobasyny kabul etmek üçin bolsa, gündiz elini açar. Gün batan ýerinden dogýança (ýagny, Kyýamat gopýança) bu şeýle dowam eder.