446

وعن ابن مسعود رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: قال لي النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم: (اقرأ علي القرآن) قلت: يا رَسُول اللَّهِ أقرأ عليك وعليك أنزل قال: (إني أحب أن أسمعه من غيري) فقرأت عليه سورة النساء حتى جئت إلى هذه الآية: {فكيف إذا جئنا من كل أمة بشهيد وجئنا بك على هؤلاء شهيداً}(النساء 41) قال: (حسبك الآن) فالتفت إليه فإذا عيناه تذرفان. مُتَّفَقٌ عَلَيهِ.

Ibn Mesu’ddan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Maňa Kuran okap ber!” diýdi. Men hem oňa: “Ýa Resulallah! Saňa indirilen Kurany, nädip Saňa okap bereýin?!” diýdim. Ol hem maňa: “Men ony başgalardan diňlemegi gowy görýän” diýdi. Men Oňa “Nisa” süresini okap başladym. Haçan-da, men:
“Her ymmatdan özlerine şaýat boljak bir pygamber getirenimizde we seni hem olara (öz ymmatyňa) şaýat hökmünde getiren wagtymyz olaryň haly niçik bolar?!” {Nisa:41} diýen aýata ýetenimde, Ol: “Indi besdir!” diýdi.
Men Oňa öwrülip seretdim, Onuň gözlerinden boýur-boýur ýaş dökülip durdy”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)