452

وعنه رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: قال أبو بكر لعمر رَضِيَ اللَّهُ عَنهُما بعد وفاة رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم: انطلق بنا إلى أم أيمن نزورها كما كان رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم يزورها. فلما انتهينا إليها بكت. فقالا لها ما يبكيك أما تعلمين أن ما عند اللَّه خير لرَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم! قالت: إني لا أبكي أني لا أعلم أن ما عند اللَّه خير لرَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم ولكن أبكي أن الوحي قد انقطع من السماء. فهيجتهما على البكاء فجعلا يبكيان معها. رَوَاهُ مُسلِمٌ. وقد سبق في باب زيارة أهل الخير (انظر الحديث رقم 360) .

Ýene-de Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem wepat bolandan soňra, Ebu Bekr Omara: “Ýör, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň zyýarat edişi ýaly biz hem Ummu Eýmeni zyýarat edeli” diýdi.
Ýanyna baranlarynda Ummu Eýmen aglady. Olar: “Sen näme üçin aglaýarsyň? Allahyň huzuryndaky nygmatlaryň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçin has haýyrly boljagyny bileňokmy?!” diýdiler. Ummu Eýmen:
“Allahyň huzuryndaky zatlaryň Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem üçin haýyrly boljagyny bilmeýändigim üçin däl-de, asmandan wahynyň kesilmegine aglaýaryn” diýdi. Onuň bu aglaýşy olary-da duýgulandyrdy, olar hem onuň bilen bilelikde aglamaga başladylar”. "

Salgylanma:

(Muslim)