457

عن عمر بن عوف الأنصاري رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ أن رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم بعث أبا عبيدة بن الجراح رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ إلى البحرين يأتي بجزيتها فقدم بمال من البحرين، فسمعت الأنصار بقدوم أبي عبيدة فوافوا صلاة الفجر مع رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم، فلما صلى رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم انصرفوا فتعرضوا له فتبسم رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم حين رآهم ثم قال:(أظنكم سمعتم أن أبا عبيدة قدم بشيء من البحرين) فقالوا: أجل يا رَسُول اللَّهِ. فقال: (أبشِرُوا وأمِّلُوا ما يَسُرُّكم، فوالله ما الفقر أخشى عليكم ولكني أخشى أن تبسط الدنيا عليكم كما بسطت على من كان قبلكم، فتنافسوها كما تنافسوها، فتهلككم كما أهلكتهم) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ.

Amr ibn Auwf Ensarydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä,

Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Ebu U’beýdete Ibnul-Jerrahy (Allah ondan razy bolsun) jizýe (salgyt) almak üçin Bahreýne ugratdy. Ebu U’beýdäniň yzyna dolanyp gelendigini eşidip Ensarylar ertir namazyny Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen okamak üçin geldiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem namazyny okap bolandan soň gitjek bolup durka, Ensarylar Onuň öňüne geçdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem olara seredip ýylgyrdy we: “Meniň pikirimçe siz, Ebu U’beýdäniň Bahreýinden bir zatlar getirendigini eşiden bolmaly” diýdi. Olar: “Hawa, ýa Resulallah!” diýdiler. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Begeniň we sizi begendirjek zady umyt ediň! Allaha kasam edýärin, men siziň üçin garyplykdan gorkamok. Ýöne öňkilere gelen dünýä size-de gelip, bol-bol eçilip, siz hem onuň üçin biri-biriňiz bilen bäsleşip, olary heläk edişi ýaly sizi hem heläk etmeginden gorkýaryn” diýdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)