462

وعنه رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: قال رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم: (يؤتى بأنعم أهل الدنيا من أهل النار يوم القيامة فيصبغ في النار صبغة، ثم يقال: يا ابن آدم هل رأيت خيراً قط، هل مر بك نعيم قط فيقول: لا والله يا رب! ويؤتى بأشد الناس بؤساً في الدنيا من أهل الجنة فيصبغ في الجنة فيقال له: يا ابن آدم هل رأيت بؤساً قط، هل مر بك شدة قط فيقول: لا والله ما مر بي بؤس قط، ولا رأيت شدة قط) رَوَاهُ مُسلِمٌ.

Ýene-de Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Kyýamat güni, dünýäde iň köp bollukda, nygmatlaryň içinde ýaşap, jähenneme höküm edilen bir kişini az wagtlap dowzaha salyp çykarylandan soň: “Eý, Adam ogly! Sen ömrüňde gowulyk gördüňmi, bir gün bagtly bolup, gowy durmuşda ýaşap gördüňmi?!” diýip soranlarynda, ol: “Ýok, Wallahy, görmedim ýa Robb!” diýer.
Dünýäde kynçylyklaryň, jebir-jepalaryň içinde ýaşan, Jennetlik bir kişini az wagtlap Jennete salynyp çykarylandan soň: “Eý, Adam ogly! Sen ömrüňde jebir-jepa, kynçylykdan ejir çekip gördüňmi?!” diýip soranlarynda, ol adam: “Ýok, Wallahy, men ömrümde hiç hili jebir-jepa, kynçylykdan ejir çekip görmedim” diýip jogap berer”. "

Salgylanma:

(Muslim)