465

وعن أبي ذر رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: كنت أمشي مع النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم في حرة المدينة فاستقبلنا أحد فقال: (يا أبا ذر) قلت: لبيك يا رَسُول اللَّهِ. قال: (ما يسرني أن عندي مثل أحد هذا ذهباً تمضي علي ثلاثة أيام وعندي منه دينار إلا شيء أرصده لدين إلا أن أقول به في عباد اللَّه هكذا وهكذا وهكذا) عن يمينه وعن شماله ومن خلفه. ثم سار فقال: (إن الأكثرين هم الأقلون يوم القيامة إلا من قال هكذا وهكذا وهكذا) عن يمينه وعن شماله وعن خلفه (وقليل ما هم) ثم قال لي: (مكانك لا تبرح حتى آتيك) ثم انطلق في سواد الليل حتى توارى، فسمعت صوتاً قد ارتفع فتخوفت أن يكون أحد عرض للنبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم فأردت أن آتيه فذكرت قوله (لا تبرح حتى آتيك) فلم أبرح حتى أتاني. فقلت: لقد سمعت صوتاً تخوفت منه فذكرت له. فقال: (وهل سمعته) قلت: نعم. قال: (ذاك جبريل أتاني فقال: من مات من أمتك لا يشرك بالله شيئاً دخل الجنة) قلت: وإن زنى وإن سرق قال: (وإن زنى وإن سرق) مُتَّفَقٌ عَلَيهِ. هذا لفظ البخاري.

Ebu Zerrdan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Bir gün men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen Medinäň gara daşly “Harra” diýilýän ýerinden ýöräp barýarkam, Uhud dagyna tarap öwrüldik. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Eý, Ebu Zerr!” diýdi. Men: “Lepbeý, ýa Resulalla!” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Meniň şu Uhud dagy ýaly altynym bar bolsady, men oňa begenmezdim. Diňe bergimi bermek üçin aýyryp goýaýmasam, şol altynlardan birje dinaryň hem üç günläp Meniň ýanymda galmagyny islemezdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sagyna-soluna, arkasyna yşarat edip, ine şeýdip Allahyň bendeleriniň arasynda paýlap bererdim” diýdi. Soňra ýoluny dowam etdirip:
“Elbetde, şu dünýäde zady kän baýlar, Kyýamat gününde sogaplary az bolanlardyr. Diňe baýlyklaryny saga-sola, arka şeýle, şeýle sadaka berenler olardan däldirler. Emma olaryň sany gaty azdyr” diýdi. Soňra maňa:
“Men gelýänçäm ýeriňden butnaman dur!” diýdi. Soňra ol gijäniň garaňkylygynda ýöräp, gözden ýitip gitdi. Birnäçe wagtdan soň bir gaty ses eşitdim, kimdir biri Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme hüjüm etdimikä öýdüp gorkdum, onuň ýanyna barmakçy boldum, ýöne onuň “Men gelýänçäm ýeriňden butnaman dur!” diýen sözüni ýatlap, ol gelýänçä gymyldaman durdum. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gelenden soň men oňa: “Men bir gorkunç ses eşitdim” diýip, aýdyp berdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Sen şol sesi eşitdiňmi?” diýdi. Men: “Hawa” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ol gelen Jebraýyldy, ol Maňa: “Seniň ymmatyňdan Allaha şirk getirmän ölen islendik adam, Jennete girer” diýdi. Men: “Eger zyna edip, ogurlyk etsedemi?!” diýip soradym. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Zyna edenem bolsa, ogurlyk edenem bolsa, (netijede Jennete girer)” diýdi”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi. Bu Buharynyň sözüdir)