472

وعن أبي العباس سهل بن سعد الساعدي رَضِيَ اللَّهُ عَنهُ قال: جاء رجل إلى النبي صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم فقال: يا رَسُول اللَّهِ دلني على عمل إذا عملته أحبني اللَّه وأحبني الناس. فقال: (ازهد في الدنيا يحبك اللَّه، وازهد فيما عند الناس يحبك الناس) حديث حسن رواه ابن ماجه وغيره بأسانيد حسنة.

Ebul-Abbas Sähl ibn Sa’d Sa’ydydan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna bir adam gelip: “Ýa Resulallah! Allah we adamlar meni gowy görerler ýaly maňa bir amal öwretsene” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi: “Harsy dünýä bolma, seni Allah ýagşy görer. Adamlardan tamakin bolma, seni halk ýagşy görer”.

Salgylanma:

(Hadys hasan. Ibn Mäje we başgalar hasan isnad bilen rowaýat etdiler.)