475

وعن عمرو بن الحارث أخي جويرية بنت الحارث أم المؤمنين رَضِيَ اللَّهُ عَنهما قال: ما ترك رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم عند موته ديناراً، ولا درهماً ولا عبداً ولا أمة ولا شيئاً، إلا بغلته البيضاء التي كان يركبها، وسلاحه، وأرضاً جعلها لابن السبيل صدقة. رَوَاهُ البُخَارِيُّ.

Mu’minleriň enesi Juweýriýe bint Harisiň dogany Amr ibn Harisden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ölenden soňra yzyndan ne bir altyn, ne bir kümüş, ne bir gul, ne-de bir gyrnak, hiç zat galdyrmady, diňe öz münýän ak reňkli gatyryny we ýaragyny hem-de ýolagçylar üçin sadaka diýip goýan bir bölek ýer galdyrypdy”.

Salgylanma:

(Buhary)