480

وعن عبد اللَّه بن عمرو بن العاص رَضِيَ اللَّهُ عَنهماُ قال: مر علينا رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم ونحن نعالج خصاً لنا فقال: (ما هذا) فقلنا: قد وهي فنحن نصلحه. فقال: (ما أرى الأمر إلا أعجل من ذلك). رواه أبو داود والترمذي بإسناد البخاري ومسلم وقال الترمذي حديث حسن صحيح.

Abdulla ibn Amr ibn ‘Asdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir gün biz ýaşap ýören külbämizi (suwap) bejerip durkak, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem biziň ýanymyzdan geçip barýardy. Ol bize: ‘Näme edýärsiňiz?” diýdi. Biz hem: “Çagşap, ýykyljak bolup duran külbämizi bejerýäris” diýdik. Ol şonda: “Meniň pikirimçe, mundan has möhüm, howlukmaly meseleler bardyr”[1] diýdi.

Salgylanma:

(Ebu Dawud we Tirmizi Buharynyň we Muslimiň isnady bilen. Tirmizi bu hadys hasan sahyh, diýipdir.)

bellikler:

[1] Ölüm gelmezden ozal haýyr işlere howlukmak has möhümdir.