492

وعن عروة عن عائشة رَضِيَ اللَّهُ عَنها أنها كانت تقول: والله يا ابن أختي إن كنا لننظر إلى الهلال ثم الهلال ثم الهلال: ثلاثة أهلة في شهرين وما أوقد في أبيات رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم نار. قلت: يا خالة فما كان يعيشكم قالت: الأسودان: التمر والماء، إلا أنه قد كان لرَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم جيران من الأنصار وكانت لهم منائح وكانوا يرسلون إلى رَسُول اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيهِ وَسَلَّم من ألبانها فيسقينا. مُتَّفَقٌ عَلَيهِ.

Urwadan (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Aişa (Allah ondan razy bolsun) şeýle diýerdi:

“Wallahy, eý ýegenim! Biz ýaňy dogan täze Aýy görerdik, soňra başgasyny, soňra ýene birini, ýagny, iki aýda üç Aýy görerdik, ýöne Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň öýlerinde tagam bişirmek üçin hiç ot ýakylmazdy. Men ondan: “Daýzajanym, onda siz nämäniň hasabyna ýaşardyňyz?!” diýip soradym. Ol: “Iki gara zadyň ýagny, hurma bilen suwyň hasabyna” diýdi. Ondan başga-da Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň Ensary goňşulary bardy, olaryň sagylýan mallary bardy. Olar Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme mallarynyň süýdinden ugradardylar. Ol hem bize içirerdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)