508

وعن ابن عمر رضي اللَّه عنهما قَالَ : كُنَّا جُلُوساً مَعَ رسولِ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم إِذْ جاءَ رَجُلٌ مِن الأَنْصارِ، فسلَّم علَيهِ، ثُمَّ أَدبرَ الأَنْصَارِيُّ، فقال رَسُول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: يَا أَخَا الأَنْصَارِ، كَيْفَ أَخِي سعْدُ بنُ عُبادةَ؟ فَقَالَ: صَالحٌ، فَقَالَ رسول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: مَنْ يعُودُهُ مِنْكُمْ؟ فَقام وقُمْنا مَعَهُ، ونَحْنُ بضْعَةَ عشَر مَا علَينَا نِعالٌ وَلا خِفَافٌ، وَلا قَلانِسُ، وَلاَ قُمُصٌ نَمْشِي في تلكَ السِّبَاخِ، حَتَّى جِئْنَاهُ، فاسْتَأْخَرَ قَوْمُهُ مِنْ حَوْله حتَّى دنَا رسولُ اللهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم وَأَصْحابُهُ الَّذِين مَعهُ. رواه مسلم.

Ibni Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir gezek biz Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem bilen otyrkak, Ensarylardan bir adam gelip, oňa salam berdi-de yzyna öwrüldi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oňa: “Eý Ensary dogan! Meniň doganym, Sa’d ibn U’badaň ýagdaýy nähili?” diýip sorady. Ol hem: “Biraz gowulaşýar” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Ony soramana gitjegiňiz barmy?” diýdi we ýerinden turdy. Biz hem ondan[1] gowrak adam bolup ýerimizden turdyk. Ýöne biziň hiç birimizde ne köwüş, ne mesi, ne-de kellämize geýer ýaly zat, ne-de egnimizde köýnegimiz bardy. Şeýdip biz çöllük-takyr ýerlerden ýöräp, onuň ýanyna geldik. Onuň töweregindäki oturan adamlar, Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme we Onuň bilen bile gelen sahabalara onuň ýanyna barar ýaly yza çekilip ýer berdiler”.

Salgylanma:

(Muslim)

bellikler:

[1] On bäşä golaý adam bolup