509

وعن عِمْرانَ بنِ الحُصَينِ رضي اللَّه عنهما، عن النَّبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم أَنه قَالَ: خَيْرُكُمْ قَرنِي، ثُمَّ الَّذِينَ يلوُنَهم، ثُمَّ الَّذِينَ يلُونَهُم قَالَ عِمرَانُ: فَمَا أَدري قَالَ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم مَرَّتَيْن أَو ثَلاثاً ثُمَّ يَكُونُ بَعدَهُمْ قَوْمٌ يشهدُونَ وَلاَ يُسْتَشْهَدُونَ، وَيَخُونُونَ وَلا يُؤْتَمَنُونَ، وَيَنْذِرُونَ وَلا يُوفُونَ، وَيَظْهَرُ فِيهمُ السِّمَنُ . متفقٌ عَلَيْهِ.

Ymran ibn Husaýndan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

"“Siziň[1] iň haýyrlyňyz meniň döwürdeşlerimdir.[2] Soňra olaryň yzyndan gelenler.[3] Ondan soňra-da olaryň yzlaryndan gelenlerdir[4] ”. [5]
Ymran şeýle diýipdir: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň (soňra olaryň yzyndan gelenler) diýen sözüni, iki gezekmi ýa-da üç gezekmi, näçe gezek aýdandygyny anyk bilemok diýdi.
Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: “Olardan soň şeýle bir kowum geler, şaýatlyk soralmasa-da şaýat bolarlar, hyýanat ederler olara hiç zady ynanyp bolmaz, nezr ederler ýöne berjaý etmezler, (iýip-içmekden başga aladalarynyň ýoklugy sebäpli) olaryň arasynda semizlik peýda bolar”."

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

“[1] Musulmanlaryň
[2] Sahabalar
[3] Tabygynlar
[4] Tubgy tabygynlar ýagny tabygynlaryň yzyndan gelenler.
[5] Ýagny üç nesil.”