514

وعن ابن عباسٍ رضي اللَّه عنهما قَالَ :كَانَ رسولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يَبِيتُ اللَّيَالِيَ المُتَتَابِعَةَ طَاوِياً، وَأَهْلُهُ لاَ يَجِدُونَ عَشاءَ، وَكَانَ أَكْثَرُ خُبْزِهِمْ خُبْز الشَّعِيرِ .رواه الترمذي وقال: حديثٌ حسنٌ صحيح.

Ibn Abbasdan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem yzly-yzyna birnäçe günläp hiç zat iýmän, gijelerini aç geçiren wagtlary bolupdy. Maşgalasy hem agşamlyk iýer ýaly zat tapmazdy. Olaryň çöregi köplenç arpa çöregidi”.

Salgylanma:

(Tirmizi. Ol bu hadys hasan sahyh diýipdir)