527

وعن حَكيمِ بن حِزامٍ رضي اللَّه عنه أَنَّ النَّبِيَّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قالَ : اليدُ العُليا خَيْرُ مِنَ اليَدِ السُّفْلى، وابْدَأ بمنْ تَعُولُ، وَخَيْرُ الصَّدَقَةِ عنْ ظَهْرِ غِنى، ومَنْ يَسْتعْففْ يُعفُّهُ اللَّه، ومَنْ يَسْتغْن يُغْنِهِ اللَّه . متفقٌ عَلَيْهِ. وهذا لفظ البخاري، ولفظ مسلم أَخصر.

Hekim ibn Hizamden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Ýokarky (beren) el, aşaky (alan) elden haýyrlydyr. Haýyr-sahawaty ilki bilen eklemek boýnuňda bolanlardan başla! Sadakaň iň haýyrlysy artykmaç baýlykdan berilen sadakadyr[1]. Dilegçilikden saklanan adamy, Allah hiç kime mätäç eýlemez. Kimde-kim Allahyň berenine kanagat edip, kişiniň baýlygyna göz dikmese, Allah ony baý edip, başgalara mätäç bolmakdan halas eder”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

[1] Başgaça aýdanyňda özüňe gerek bolup duran zady sadaka bermek zerur däldir.