535

وعَنْ ثَوْبانَ رضيَ اللَّه عنه قَالَ: قَالَ رسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم: مَنْ تَكَفَّلَ لِي أَن لاَ يسْأَلَ النَّاسَ شَيْئاً، وَأَتَكَفَّلُ لَهُ بالجَنَّة؟ فقلتُ: أَنا، فَكَانَ لاَ يسْأَلُ أَحَداً شَيْئاً. رواه أَبُو داود بإِسنادٍ صحيح.

Sewbänden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem:

"“Kim maňa adamlardan hiç zat dilemejegine söz berse, men hem onuň Jennete girjegine söz berýärin (kepil bolýaryn)” diýipdir. Şol wagt men: “Men söz berýärin” diýdim.
Hadysy rowaýat edýän şeýle diýýär: “Sewbän hiç kimden hiç zat soramazdy”."

Salgylanma:

(Ebu Dawud. Ol bu hadys sahyh diýipdir)