553

وعن أَنسٍ رضي اللَّه عنه قَالَ: مَا سُئِلَ رسُولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم عَلَى الإِسْلامِ شَيئاً إِلا أَعْطاه، وَلَقَدَ جَاءَه رَجُلٌ فَأَعطَاه غَنَماً بَينَ جَبَلَينِ، فَرَجَعَ إِلى قَومِهِ فَقَالَ : يَا قَوْمِ أَسْلِمُوا فَإِنَّ مُحَمداً يُعْطِي عَطَاءَ مَنْ لا يَخْشَى الفَقْرَ، وَإِنْ كَانَ الرَّجُلُ لَيُسْلِمُ مَا يُرِيدُ إِلاَّ الدُّنْيَا، فَمَا يَلْبَثُ إِلاَّ يَسِيراً حَتَّى يَكُونَ الإِسْلامُ أَحَبَّ إِلَيه منَ الدُّنْيَا وَمَا عَلَيْهَا. رواه مسلم.

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem Yslamyň hatyrasyna näme sorasalar hökman ony bererdi. Bir sapar Onuň ýanyna bir adam geldi, oňa iki dagyň arasyny dolduryp duran goýun sürüsini berdi. Ol adam kowumynyň ýanyna baryp: “Eý adamlar, musulman boluň! Çünki Muhammed garyp düşmekden we mätäçlikden gorkmaýan adam ýaly bolup gaty köp mal-baýlyk paýlaýar” diýdi.
Käbir adamlar Yslamy diňe dünýä üçin kabul eden bolsalarda, sähelçe wagt geçmänkä, Yslam olar üçin bu dünýäden we dünýädäki ähli zatlardan has eziz we söýgüli bolup göründi”. "

Salgylanma:

(Muslim)