560

وعن أَبي هريرة رضي اللَّه عنه أَنه سَمِع رسولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يَقُولُ: مَثَلُ البَخِيلِ والمُنْفِقِ، كَمَثَلِ رَجُلَيْنِ عَلَيْهِمَا جُبَّتَانِ مِن حَديد مِنْ ثدِيِّهِما إِلى تَرَاقِيهمَا، فَأَمَّا المُنْفِقُ، فَلا يُنْفِقُ إِلاَّ سَبَغَتْ، أَوْ وَفَرَتْ عَلَى جِلدِهِ حَتَّى تُخْفِيَ بَنَانَهُ، وَتَعْفُوَ أَثَرَهُ، وَأَمَّا البَخِيلُ، فَلا يُرِيدُ أَنْ يُنْفِقَ شَيئاً إِلاَّ لَزِقَتْ كُلُّ حَلْقَةٍ مَكَانَهَا، فَهُو يُوَسِّعُهَا فَلا تَتَّسِعُ. متفقٌ عليه . وَالجُبَّةُ الدِّرعُ، وَمَعنَاهُ: أَن المُنْفِقَ كُلَّمَا أَنْفَقَ سَبَغَتْ، وَطَالَتْ حَتَّى تجُرَّ وَرَاءَهُ، وَتُخْفِيَ رِجلَيهِ وأَثَرَ مَشيهِ وخُطُواتِهِ.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol men Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň şeýle diýenini eşitdim diýipdir:

"“Gysganç bilen sahy adamyň mysaly, göwüslerinden eginlerine çenli iki sany sowut ýagny, demir eşik geýen adamyň halyna meňzär.
Sahy adam sadaka berdigiçe, egnindäki eşigi giňäp, aýaklarynyň barmaklaryna çenli uzap örter, hat-da aýak yzlarynam aýryp (tekizläp gaýdar).
Emma gysganç adam bir zat berjek bolsa, (egnindäki demir eşiginiň) halkalary biri-birinden geçip, ýapyşyp, ony gysyp başlar. Hernäçe giňeltjek bolsa-da giňelmez”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)