564

وعن أبي هُريرة رضي اللَّه عنه قَالَ: جَاءَ رَجُلٌ إِلَى النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَقَالَ: إنِّي مَجْهُودٌ، فأَرسَلَ إِلى بَعضِ نِسائِهِ، فَقَالت: والَّذِي بَعَثَكَ بِالحَقِّ مَا عِندِي إِلاَّ مَاءٌ، ثُمَّ أَرْسَلَ إِلى أُخْرَى. فَقَالَتْ مِثْلَ ذَلِكَ، حتَّى قُلْنَ كُلُّهنَّ مِثل ذَلِكَ: لا وَالذِي بعثَكَ بِالحَقِّ مَا عِندِي إِلاَّ مَاءٌ. فَقَالَ النبيُّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم:مَنْ يُضِيفُ هَذا اللَّيْلَةَ؟ فَقَالَ رَجُلٌ مِن الأَنْصارِ: أَنَا يَا رَسُولَ اللَّهِ، فَانْطَلَقَ بِهِ إِلى رحْلِهِ، فَقَال لامْرَأَتِهِ: أَكرِمِي: ضَيْفَ رسولِ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم. متفقٌ عليه.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Bir adam Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna gelip: “Açlykdan ýaňa meniň halym harap” diýdi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem aýallarynyň biriniň ýanyna iýer ýaly zat getirmek üçin habar ugratdy. Ol[1] hem: “Seni hak pygamber edip iberen Allaha kasam bolsun, öýde suwdan başga hiç zat ýok” diýdi.
Soňra başga bir aýalynyň ýanyna ugratdy, ol hem edil şonuň ýaly jogap berdi. Olaryň hemmesi: “Seni hak pygamber edip iberen Allaha kasam bolsun, öýde suwdan başga hiç zat ýok” diýip jogap berenlerinden soň, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem (sahabalaryna) ýüzlenip:
“Kim bu gije bu adamy myhman alyp biler?” diýdi. Ensarylardan bir adam: “Men ýa Resulallah!” diýdi-de ony öýüne alyp gitdi we aýalyna: “Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň myhmanyna hezzet-hormat ediň!” diýdi”. "

وفي رواية قَالَ لامرَأَتِهِ: هَلْ عِنْدَكِ شَيءٌ؟ فَقَالَتْ: لاَ، إِلاَّ قُوتَ صِبيانِي قال: عَلِّليهمْ بِشَيءٍ وإِذا أَرَادُوا العَشَاءَ، فَنَوِّميهِم، وإِذَا دَخَلَ ضَيْفُنَا، فَأَطفِئي السِّرَاجَ، وأَريِهِ أَنَّا نَأْكُلُ، فَقَعَدُوا وأَكَلَ الضَّيفُ وبَاتا طَاوِيَيْنِ، فَلَمَّا أَصْبح، غَدَا عَلَى النَّبِيِّ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم : فَقَالَ :لَقَد عَجِبَ اللَّه مِن صَنِيعِكُمَا بِضَيفِكُمَا اللَّيْلَةَ

Başga bir rowaýatda, ol adam aýalyna:

"“Öýde iýer ýaly zat barmy?” diýip sorady. Aýaly: “Ýok, diňe çagalarymyň iýjek naharyndan başga hiç zat ýok” diýdi. Sahaba: “Onda sen çagalary bir zada güýme, nahar iýjek diýseler sen olary ýatyr” diýdi. Myhman öýe girende, çyrany söndür we bizem iýýän ýaly bolaly” diýdi. Soňra olar saçagyň başyna geçip oturdylar, myhman garnyny doýurdy, olar bolsa aç ýatdylar.
Ertesi gün irden, şol sahaba[2] Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna bardy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem ony görüp şeýle diýdi: “Allah Tagala bu gije myhmanyňyza eden hezzet-hormatyňyzdan hoşal boldy”[3] diýdi”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)

bellikler:

“[1] Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň aýaly. [2] Myhmany ýany bilen alyp giden öý eýesi.
[3] Arapça metininde “Ajaba” diýip gelýär. Onuň haýran galdy diýen manysy hem bardyr.”