569

وعن سهلِ بنِ سعدٍ رضي اللَّه عنه أَن رسولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم أُتِيَ بِشَرَابٍ، فَشَرِبَ مِنهُ وَعَن يَمِينِهِ غُلامٌ، وَعَن يسارِهِ الأَشْيَاخُ، فَقَالَ لِلْغُلام : أَتَأْذَنُ لِي أَن أُعْطِيَ هُؤلاءِ؟ فَقَالَ الغُلامُ: لاَ وَاللَّهِ يَا رسُولَ اللَّه لا أُوثِرُ بِنَصيبي مِنكَ أَحَداً، فَتَلَّهُ رسولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم في يَدِهِ. متفقٌ عَلَيْهِ .تَلَّهُ بالتاءِ المثناةِ فوق، أَيْ: وَضَعَهُ، وَهَذَا الغُلامُ هُوَ ابنُ عَبَّاسٍ رضي اللَّه عنهما.

Sähl ibn Sa’dden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi weselleme içer ýaly bir zat getirdiler. Ol hem ondan içdi. Onuň sag tarapynda bir oglanjyk, çep tarapynda bolsa ýaşulylar otyrdy. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem oglana garap: “Muny ilki bilen ýaşululara bersem bolarmy? diýip sorady. Oglanjyk: “Ýok, ýa Resulallah! Allahdan ant içýärin, Senden gelen nesibämi hiç kime bermerin” diýdi. Soňra Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem gaby onuň eline berdi”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi) Ol oglanjyk Ibnu Abbasdy (Allah olardan razy bolsun).