574

وعن ابن عمر رضي اللَّه عنهما قَالَ: أَخَذَ رَسولُ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم بِمنكِبِي فَقَالَ: كُنْ في الدُّنْيَا كَأَنَّكَ غَرِيبٌ أَو عابرُ سَبِيلٍ ، وَكَانَ ابْنُ عُمَرَ رضي اللَّه عنهما يقول: إِذا أَمسَيتَ، فَلا تَنْتَظِرِ الصَّبَاحَ، وَإِذَا أَصْبَحْتَ، فَلا تَنْتَظِرِ المَسَاءَ، وَخُذْ مِن صِحَّتِكَ لَمَرَضِك وَمِن حَيَاتِكَ لمَوتِكَ .رواه البخاري.

Ibn Omardan (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

"“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem meniň egnimden tutup: “Şu dünýäde bir keseki ýa-da ýolagçy ýaly bolup ýaşa!” diýdi.
Ibni Omar (Allah olardan razy bolsun) şeýle diýerdi: “Agşama ýetseň, daňdana garaşma, daňdana ýetseň, agşama garaşma. Hassalykdan öň saglygyň, ölümiňden öň diriligiň gadryny bilgin!”. "

Salgylanma:

(Buhary)