585

عنْ أَبي هُريرة رضيَ اللَّهُ عنه أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قالَ :لا يَتَمَنَّ أَحَدُكُمُ المَوْتَ إِمَا مُحسِناً، فَلَعَلَّهُ يَزْدادُ، وَإِمَّا مُسِيئاً فَلَعَلَّهُ يَسْتَعْتِبُ .متفقٌ عَلَيْهِ، وهذا لفظ البخاري.

Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Siziň hiç biriňiz ölümi arzuw etmesin. Eger ol gowy adam bolsa, belki has köp haýyr işleri eder, eger erbet adam bolsa, belki öküner we günäleri üçin toba eder”.

وفي روايةٍ لمسلم عن أَبي هُريْرةَ رضي اللَّهُ عنه عَنْ رسُول اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم قَالَ: لاَ يَتَمَنَّ أَحَدُكُمُ المَوْتَ، وَلا يَدْعُ بِهِ مِنْ قَبْلِ أَنْ يَأْتِيَهُ، إِنَّهُ إِذا ماتَ انْقَطَعَ عَمَلُهُ، وَإِنَّهُ لاَ يَزيدُ المُؤْمِنَ عُمْرُهُ إِلاَّ خَيراً.

Muslimiň rowaýatynda Ebu Hureýreden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýipdir:

“Siziň hiç biriňiz ölümi arzuw etmesin. Ölüm öz-özünden gelmezden öň hem öleýin diýip dileg etmesin. Çünki, adam ölenden soň amallary kesiler. Mü’min ömri bolsa, haýyrdan başga zady köpeltmez”.

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)