588

وعن النُّعمان بنِ بَشيرٍ رضيَ اللَّه عنهما قال:سمِعْتُ رسُولَ اللَّهِ صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم يَقُولُ: إِنَّ الحَلاَلَ بَيِّنٌ، وإِنَّ الحَرامَ بَيِّنٌ، وَبَيْنَهما مُشْتَبِهاتٌ لاَ يَعْلَمُهُنَّ كَثِيرٌ مِنَ النَّاسِ، فَمَن اتَّقى الشُّبُهاتِ، اسْتَبْرَأَ لِدِينِهِ وعِرْضِهِ، وَمَنْ وَقَعَ فِي الشبُهاتِ، وقَعَ في الحَرامِ، كالرَّاعي يرْعى حَوْلَ الحِمى يُوشِكُ أَنْ يَرْتَع فِيهِ، أَلاَ وإِنَّ لِكُلِّ مَلِكٍ حِمًى، أَلاَ وَإِنَّ حِمَى اللَّهِ مَحَارِمهُ، أَلاَ وإِنَّ فِي الجسَدِ مُضغَةً إِذَا صلَحَت صَلَحَ الجسَدُ كُلُّهُ، وَإِذا فَسَدَتْ فَسدَ الجَسَدُ كُلُّهُ: أَلاَ وَهِي القَلْبُ . متفقٌ عَلَيْهِ. ورَوَياه مِنْ طُرُقٍ بأَلْفاظٍ مُتَقارِبَةٍ.

Nu’man ibn Beşirden (Allah olardan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemden şeýle eşitdim diýipdir:

"“Elbetde, halal zatlar bellidir, haram zatlar hem bellidir. Bu ikisiniň arasynda köp adamlaryň halalmy ýa harammy bilmeýän şübheli zatlary bardyr. Şübhelerden saklanan adam, dinini we namysyny (abraýyny) goran adamdyr. Şübhelerden saklanmadyk adam bolsa, gitdigiçe harama girer. Ol adamyň mysaly mallaryny otlatmak gadagan edilen bir goraghananyň töwereginde bakyp ýörkä, mallary goraghananyň içine girjek bolup duran, çopanyň mysaly ýalydyr.
Dykgat ediň! Her bir patyşanyň girmegi gadagan eden goraghanasy bardyr. Ägä boluň! Allahyň goraghanasy, Onuň haram eden zatlarydyr.
Şuny gowy belläň! Elbetde, adamyň bedeninde bir bölek et bardyr, eger ol bölek et gowy bolsa, bedeniň ähli ýeri gowy bolar. Eger, ol zaýalansa, onda bedeniň ähli ýeri zaýa bolar. Ana, şol bölek et bolsa – ýürekdir”. "

Salgylanma:

(Muttafakun aleýhi)