591

وعن وابصةَ بنِ مَعْبدٍ رضيَ اللَّه عنه قَالَ: أَتَيْتُ رسولَ اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَقَالَ: جِئْتَ تسأَلُ عنِ البِرِّ؟ قُلْتُ: نَعَمْ، فَقَالَ: اسْتَفْتِ قَلْبَكَ، البِرُّ: مَا اطْمَأَنَّتْ إِلَيْهِ النَّفْسُ، واطْمَأَنَّ إِلَيْهِ القَلْبُ، والإِثمُ مَا حاكَ في النَّفْسِ وتَرَدَّدَ فِي الصَّدْرِ، وإِنْ أَفْتَاكَ النَّاسُ وَأَفْتَوكَ .حديثٌ حسن، رواهُ أحمدُ، والدَّارَمِيُّ في مُسْنَدَيْهِما.

Wabisa ibn Ma’bedden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Men bir gezek Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ýanyna geldim. Ol maňa: “Ýagşylygyň (ýagny, hakyky musulman bolmagyň nämedigini) soramaga geldiňmi?” diýip sorady. Men: “Hawa” diýdim. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: “Sen ony kalbyňdan sorap gör! Ýagşylyk nebsiň we kalbyň rahatlyk tapýan zadydyr. Günä bolsa, nebsiňi biynjalyk edip, adamlar näçe ediber diýse-de, ýüregiňde şübhe döredýän zatdyr” diýdi.

Salgylanma:

(Ahmed. Hadys hasan. Darimi musnedinde getiripdir)