611

وعن أَنسٍ رضي اللَّهُ عنه قال: كَانَتْ نَاقَةُ رَسُول اللَّه صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم العَضْبَاءُ لاَ تُسبَقُ، أو لا تكَادُ تُسْبَقُ، فَجَاءَ أَعْرابيٌّ عَلى قَعُودٍ لهُ، فَسبقَها، فَشَقَّ ذلك عَلى المُسْلمِينَ حَتَّى عَرفَهُ النبي صَلّى اللهُ عَلَيْهِ وسَلَّم فَقَالَ: «حَقٌّ عَلى اللَّهِ أَنْ لاَ يَرْتَفِعَ شَيء مِنَ الدُّنْيَا إِلاَّ وَضَعَهُ» . رواهُ البخاري.

Enesden (Allah ondan razy bolsun) rowaýat edilmegine görä, ol şeýle diýipdir:

“Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellemiň ‘Adba atly bir düýesi bardy. Ýaryşlarda ol düýäniň öňüne geçip bilen ýokdy, hat-da, milt hem edip bilmezdiler. Günleriň birinde bir beduin alty ýaşar düýesi bilen geldi we ‘Adbany ozup geçdi. Musulmanlar muňa gaty gynandylar. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem muny görüp, şeýle diýdi: “Şu dünýäde beýgelen näme bar bolsa, ony peseltmek Allahyň üýtgemejek kanunydyr”.

Salgylanma:

(Buhary)